«Moskwa formatyna» gatnaşyjylar halkara jemgyýetçiligini Owganystana gyssagly ynsanperwer we ykdysady kömegi bermäge çagyrdy
10:09 22.10.2021 13887
Çarşenbe güni Moskwada geçirilen geňeşmeleriň jemleri boýunça ýaýradylan «Moskwa formatynyň» bilelikdäki beýanynda bellenilişi ýaly, Owganystan boýunça halkara duşuşygyna gatnaşyjylar taliban hereketiniň resmi taýdan yglan edilmegine garaşmazdan, bu ýurt bilen iş ýüzünde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny bellediler diýip, Interfaks habar berýär.
Moskwa formatyna gatnaşýan ýurtlar "Owganystanyň häzirki ýolbaşçylaryny döwlet dolandyryş ulgamyny gowulandyrmak üçin goşmaça çäreleri görmäge we ýurduň esasy etnosyýasy güýçleriniň bähbitlerini ýeterlik derejede görkezýän asyl inklýuziw hökümet gurmaga çagyrdy. Bu Owganystandaky milli ylalaşyk prosesini tamamlamagyň binýatlyk şertine öwrüler" – diýlip resminamada bellenilýär.
Şeýle hem, olar "Owganystanda gadagan edilen terrorçylyk hereketleriniň ýurtda işjeňliginiň ýüze çykmagyna aladalanma bildirip, sebit durnuklylygyna ýardam etmek maksady bilen Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam bermegi dowam etmäge taýýarlygyny beýan etdiler».
Mundan başga-da, Moskwa ýygnagyna gatnaşanlar "Owganystandaky durmuş-ykdysady we ynsanperwer ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna çuňňur alada bildirýärler" we "ýurduň dawalardan soň dikeldilmek işine gönükdirilen halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny bellediler».
«Şunuň bilen baglylykda taraplar BMG-niň howandarlygynda ýokary derejeli halkara donorlyk maslahatyny tiz wagtda guramak boýunça toparlaýyn başlangyjy teklip etdiler».
Şol bir wagtyň özünde, resminama häzirki owgan hökümetini "aram we paýhasly içerki we daşary syýasaty ýöretmäge, Owganystanyň goňşularyna dostlukly syýasat alyp barmaga, dowamly parahatçylyk, howpsuzlyk, ygtybarlylyk, uzak möhletli gülläp ösüş we etnik toparlaryň, aýallaryň we çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak ýaly umumy maksatlara ýetmäge çagyrýar”.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.