Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletlerini ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy

10:39 19.10.2021 6274

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3122/original-1616d1205a2be5.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti 15-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda GDA-nyň çäklerindäki bilelikdäki çäreler şu ýylda belli bir derejede Arkalaşygyň uly ýubileýiniň — onuň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýändigini nygtady. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, ählumumy işlerde durnukly orny gazanmak maksady bilen, GDA-nyň umumy senagat, serişdeler, tehnologik kuwwatyndan peýdalanmagy geljekki ýyllaryň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezdi.

Ilkinji nobatda, munuň özi üstaşyr ulag düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini ösdürmäge hem-de giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny çekmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli kabul edilen Strategiýasy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyk kesgitleýär. Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar hem-de tehnologiýalar ýaly ugurlar görkezildi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bular biziň halkara bazarlarda üstünlikli bäsdeşlik edip biljek, geljekki hyzmatdaşlara amatly şertleri teklip edip biljek ulgamlarymyzdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

GDA-nyň döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilen dürli halkara forumlarda, Arkalaşygyň öňki sammitlerinde Türkmenistan GDA-nyň Ýewropa ugruna çykmak arkaly Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Bu başlangyçlar GDA-nyň ähli döwletleri tarapyndan düşünmek bilen kabul edildi we goldanyldy. Bu gün bolsa şol meýilnamalara ýeterlik derejede itergi bermek hem-de aýdyňlaşdyrmak zerurdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. GDA-nyň köp döwletleri üçin munuň özi wajyp meseledir. Türkmen tarapy oňa Arkalaşyk boýunça kärdeşleriň gatnaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň geljeginiň içgin ara alyp maslahatlaşylmagyna umyt edýär.

Başga makalalar
16503fe4c18d7c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16503fe9eeb09b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.