Prezident 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini makullady

10:38 19.10.2021 7914

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3121/original-1616d1115de3a8.jpeg

Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny makullap, 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakyndaky resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy barada geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, resminamalaryň taslamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri nazara almak arkaly taýýarlanyldy.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berip, durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeleriň gönükdiriljekdigini habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler.

Düýpli maýa goýumlarynyň belli bir möçberini önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär. 2022-nji ýylda maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depginini saklamaga, senagatlaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.

Türkmen Lideri ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik möçberde göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny, umuman, makullap, 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakyndaky resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutany resminamany sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna iberip, geljek ýyl üçin Döwlet býujetine hem-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine milli parlamentiň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde garamagyň zerurdygyny belledi.

Başga makalalar
16503fe4c18d7c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16503fe9eeb09b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.