«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine deňiz ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi
15:39 14.10.2021 9115
«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykda Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça döwlet Baştutanyna täze teklipleri hödürledi.
Duşuşygyň barşynda işewür milli Liderimize baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler, şol sanda “ARETI” kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bu taslama gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty hem-de bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, degişli hukuk binýady bilen özüne çekijidigini aýtdy. Bularyň ählisi bolsa nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, täze düzümleýin desgalary gurmaga iri serişdeleri netijeli gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutany holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşmesini belläp, islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Duşuşygyň ahyrynda “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy holdingiň ýurdumyzda dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine hem-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup, jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
ARETI Group (öňki ady - «ИТЕРА») — nebitgaz toplumynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.