Giňişleýin Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 9 aý boýunça işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
11:49 12.10.2021 6080
Geçen anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda 2021-nji ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada maglumat berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 108,4 göterim ýerine ýetirildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 104,7 göterim berjaý edildi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 123,5 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 136,2 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini degişlilikde 123,3 göterime hem-de 137,5 göterime deň boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatyndan doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmen Lideri nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek meselelerine uly üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, çig maly gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany aýdylanlary jemläp, wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi hem-de işleri döwrüň talabyna laýyklykda ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.