Türkmenistan we BAE maýa goýumlar, portlar we energetika ulgamynda ylalaşyga gol çekdi

14:35 12.10.2021 7911

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3086/original-16163d6a1685cc.jpeg

Türkmenistan we BAE maýa goýumlar, portlar we energetika ulgamynda birnäçe ylalaşyklara we Ähtnamalara gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezinde geçiren duşuşygynda geçirildi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine ýokary baha berip, BAE bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň wajyplygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini, munuň şeýle bolmagyna ýokary derejede yzygiderli geçirilýän, ynama esaslanan syýasy gepleşikleriň ýardam berýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Abu Dhabi Future Energy Company PJSC — Masdar” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (Türkmenistan) bilen “DP World FZE” (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýasynyň arasynda porty dolandyrmak we logistika hyzmatlary babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaý şäheriniň Hökümetiniň Ykdysady ösüş departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşygyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen “Nasdaq Dubai Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Başga makalalar
16503fe4c18d7c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16503fe9eeb09b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.