Saud Arabystany Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz magistralynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ählitaraplaýyn goldaýar. BU barada Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Said Osman Ahmed Suweýl Saud Arabystany Patyşalygynyň gününiň bellenilmegi mynasybetli «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär.
Diplomatyň wekilçilik edýän döwletiniň dünýäniň energiýa durnuklylygy babatda Türkmenistanyň garaýyşlaryny we TOPH ýaly iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly energiýa ibermelerini giňeltmekligini goldaýandygyny aýtdy.
Ilçiniň şeýle hem bellemegine görä, Saud Arabystany bu ugurda gatnaşyklary amala aşyrýar we Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu gaz geçirijiniň taslamasyna goldaw berýär. Patyşalyk TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn baha berýär.