Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi
19:19 25.09.2021 6304
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda döwletleri çaprazlygy aradan aýryp, ählumumy derejedäki ýiti meseleleri çözmekde birleşmäge çagyrdy.
Türkmen Lideri ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara, beýleki wehimlere garşy göreşmek meseleleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, şol bir wagtda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmegi teklip edýär. Biziň ýurdumyz bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin meýdança hökmünde garaýar.
Türkmenistan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-ä agza döwletleri we halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Owganystandaky ýagdaýlar üýtgedi, olara bolan garaýyşlarda ideologik tarapgöýlükden, könelişen öýke-kinelerden, şowakörlükden hem-de lenç edilen garaýyşlardan gaça durup, ozaly bilen, uruşlardan we heläkçiliklerden ýadan, parahat, asuda durmuş barada arzuw edýän owgan halky hakynda alada edilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklary ösdürip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni ösüş umumylygyny hemişe bu gatnaşyklaryň esasynda goýýar. Biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildiripdi we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, türkmen Lideri biziň döwletimiziň gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow emele gelýän döwlet düzümleriniň bütin owgan halkynyň abadançylygyna we bähbitlerine netijeli işläp biljekdiklerine umyt bildirdi. Türkmenistan öz tarapyndan, ozalkysy ýaly, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw we ynsanperwerlik kömegini berer diýip, milli Liderimiz belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aral deňzi baradaky meseläni gozgap, dünýä bileleşiginiň bu ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmek meselelerine yzygiderli üns bermegine Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Hususan-da, bu mejlisiň dowamynda biziň ýurdumyzyň sebit boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda tagalla etjekdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek meselesine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategik ugur, dünýägaraýşymyz, halkara giňişlikde alyp barýan ähli işlerimiziň möhüm binýady bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.