Türkmenistan Dubaýdaky EXPO-2020 sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

Türkmenistan Dubaýdaky EXPO-2020 sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

Ýakynda Türkmenistanyň paýtagtynda 1-nji oktýabrda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) dabaraly ýagdaýda açyljak EXPO-2020 sergisine bagyşlanyp, webinar geçirildi. Ony BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

Türkmen tarapyndan webinara Türkmenistanyň DIM-niň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Söwda-senagat edarasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Webinaryň açylyşynda çykyş edip, oňa gatnaşyjylara Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli ýüzlendi. Diplomat duşuşyga gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň raýatlaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

BAE-niň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy şeýle hem çärä gatnaşyjylara wirtual ekskursiýa hökmünde ýakynda açyljak serginiň prezentasiýasyny hödürledi.

Iri halkara sergi «Bilelikde oýlanyp, geljegi döredýäris» mowzugyna bagyşlanyp, onuň çäklerinde üç sany üç sany ki mowzuklar bolar — «Mümkinçilikler», «Ykjamlyk» we Durnuklylyk».

EXPO 2020-ä dünýäniň 190-dan gowrak döwletiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň meýdançasy «Ykjamlyk» sergisinde ýerleşer. 9-njy oktýabr tutuşlygyna ýurdumyzyň gazananlaryny görkezmäge bagyşlanar. Şol sanda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dürli önümleri we maýa goýum taslamalary görkeziler.

Bütindünýä sergisi 2022-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlanar.