Aşgabatda Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler
15:28 19.09.2021 6720
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda giň möçberli sergi geçiriler. Giň möçberli çäräniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow penşenbe güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçiriljek sergide milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümler görkeziler.
Forumyň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekki ugurlaryny hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümlerini tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri meýilleşdirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigini, ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Bu gün Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginde ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden bellidir. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar we oňyn başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Sergiler ýetilen sepgitleri görkezmek, netijeli mahabat işlerini alyp barmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we şertnamalary baglaşmak hem-de bazar meýillerini öwrenmek we onda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçiligi üpjün edýär. Şoňa görä-de, innowasion tehnologiýalar we täzeçil usullar önümçilige has işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.