«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hödürledi.
Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň Gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek hem-de serişde binýadyny pugtalandyrmak, pudaklaýyn kärhanalaryň we guramalaryň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hereket edýän känlerde nebit guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitli we gazly meýdanlary öwrenmek ugrunda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň göwrümlerini artdyrmak boýunça ýola goýulýan hyzmatlar degişli derejede bolmalydyr diýip, türkmen Lideri belledi.
Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.