Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda tebigy gazyň çykarylyşyny we eksportyny düýpli artdyrdy

Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda tebigy gazyň çykarylyşyny we eksportyny düýpli artdyrdy

2021-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda tebigy gazyň gazylyp alnyşy 55 milliard kub metrden geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 10,4 milliard kub metr köpdür.

tebigy gazyň gazylyp alynmagynyň artdyrylmagy dünýä bazarynda ekologik taýdan arassa ýangyja bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen baglydyr. Şunlukda, Türkmenistan tebigy gazyň 31 milliard kubmetre golaý mukdaryny eksport etdi.

Türkmen gazyny esasy import ediji hökmünde Hytaý Halk Respublikasy öňe saýlanýar. Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi boýunça bir ýylda 40 milliard kubmetr gaz bu döwlete eksport edilýär. Emma bu gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gazy geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistandan gaýdýan bu gaz magistralynyň işe girizilen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna harytlyk gazyň 300 milliard kub metri eksport edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň içerki bazarynda mawy ýangyja bolan isleg hem artýar. Munuň özi soňky ýyllarda Türkmenistanda täze kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýalaryň we gazy gaýtadan işleýän iri toplumlaryň, şol sanda Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Garabogazdaky karbamid dökünlerini öndürýän zawodyň, Ahal welaýatyndaky sintetiki benzin önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy bilen şertlenendir.