Sekiz aýyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy
11:32 14.09.2021 7246
2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklandy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiri sebäpli ýüze çykýan daşarky ýagdaýlara garamazdan, ýubileý ýylynda hem Garaşsyz döwletimiziň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda sekiz aýyň dowamynda depginli ösmegini dowam edendigini belledi.
Ýurdumyzda iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy depginli dowam edýär. Bu desgalaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, mekdepleridir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.
Bellenen meýilnamalara laýyklykda, şu ýylda 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desga işe girizildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.
Hasabat döwründe umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutany ylym-bilim ulgamlarynda özgertmeleriň dowam edýändigini, önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bazar ykdysadyýetiniň emele gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz ýataklary özleşdirilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär.
Türkmen Lideri ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini aýtdy.
Biz şu ýubileý ýyly üçin wezipelerimizi Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda anyk kesgitledik. Bu wezipeler köp işleri amala aşyrmagy talap edýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine goşmaça itergi bermelidiris. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmelidiris. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmelidiris diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar
Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.