Gurbanguly Berdimuhamedow: geljekde Hytaýa tebigy gazyň eksporty 100 mlrd kub metre ýeter
09:14 25.08.2021 19422
Geljekde Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdary 100 milliard kub metre ýetiriler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni «Galkynyş» gaz käninde täze guýulary burawlamak işine badalga bermäge geçirilen dabaranyň barşynda belledi.
Taslamany amala aşyrmak ynanylan, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (“CNPC”) Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýluna ýüzlenip, türkmen Lideri «CNPC» kompaniýasynyň ähli işgärlerine türkmen gazynyň Hytaýa iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Häzirki döwürde HHR-e türkmen gazynyň 40 milliard kub metri iberilýär. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, mawy ýangyjyň 65 milliard kub metrini ibermegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu görkezijiniň aňrybaş çäk däldigini, geljekde Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdarynyň 100 milliard kub metre ýetiriljekdigini belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir «Galkynyş» käniniň gorlarynyň bilermenleriň pikirine görä, 27 trln kub metr gaza, tutuş ýurt boýunça bolsa, «mawy ýangyjyň» 50 trln kub metre barabardygyny ýatlatdy.
Türkmen Lideri «Galkynyş» käninde umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrine barabar bolan gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsiniň işe girizilendigini belledi. Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.
Türkmen Lideriniň bellemegine görä, ýurduň gaz ulgamyny we Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim boljak «Galkynyş» gaz käninde aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna badalga berildi.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
25-nji iýunda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň we AÖB-niň wekilleri hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar
24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.