Olimpiýa medalçysy Polina Gurýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

10:42 24.08.2021 8004

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2782/original-161237730dc008.jpeg

21-nji awgustda Olimpiýa şäherçesinde Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Polina Gurýewa Tokiodaky XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram netije görkezdi hem-de türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Dabaranyň başynda wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagyny okady.

Ildeşimiz Polina Gurýewanyň Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmagy türkmen sportunyň şöhratly taryhyny dabaralandyrdy. Rowaç menzilleriň bu hoş habary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň iň naýbaşy sowgatlarynyň biri boldy» diýip, türkmen Lideri belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenlerini hem-de tälimçilerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de olara sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permanlary we Buýrugy okaldy.

Polina Gurýewa «Türkmensitanyň at gazanan sport ussady»  ady berildi.

Döwlet Baştutanynyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby P.Gurýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryndan amatlyklary bolan üç otagly öýüň hem-de 2020-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Lexus LX570 Sport Plus” kysymly awtoulagyň açarlary we 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

P.Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler türkmen türgenlerine uly ynam bildirýän hem-de olary ýeňişlere ruhlandyrýan milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň mugallymy A.Saryýewe Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni gowşuryldy.

Döwlet Baştutanynyň Buýrugy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy A.Emirýana 2021-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.

Başga makalalar
167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16200db436210a.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


166702165d143a.jpg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.