«Şatlykda» hyzmatlar talabalaýyk guralýar

10:11 12.08.2021 19639

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2713/original-161139ef19b067.jpeg

Gahryman Arkadagymyzyň tomus paslynda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, dynç alşyny talabalaýyk guramak baradaky tabşyryklary esasynda häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde adamlar rahat dynç alýarlar hem-de saglygyny berkidýärler. Ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralaryna degişli şypahanalarda-da saglygy goraýyş, dynç alyş hyzmatlarynyň talabalaýyk guralýandygyny aýtmak gerek. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasy hem şolaryň biridir.

— Şypahanamyzda her tapgyrda bir ýüz dört adamy kabul etmäge mümkinçilik bar. Bu ýerde her ýylda üç müňden köpräk adam saglygyny berkidýär hem-de dynç alýar. Tomsuna dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlar bu ýere köpçülikleýin gelýärler. Olaryň saglygyny berkitmek, dynç alşyny göwnejaý guramak işgärlerimiziň her biriniň gündelik baş aladasy bolup durýar. Şoňa görä, gelýän adamlar biziň hyzmatymyzdan hoşal bolup gidýärler — diýip, şypahananyň direktory, tejribeli lukman Arslan Gurbanow bizi bu ýerde hyzmatyň guralyşy bilen tanyşdyrýar.

«Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasynyň agzybir işgärleri indi ençeme ýyllardan bäri nebitgaz ulgamynyň işgärlerine, şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän adamlara medeniýetli hyzmat edip gelýärler.

Raýatlar ilkinji günden işgärler tarapyndan güler ýüz bilen garşy alnyp, ähli oňaýly şertleri bolan ýaşaýyş otaglarynda ýerleşdirilýär. Bu ýerde lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň, beýleki hyzmat ediş ulgamyna degişli işgärleriň kyrkdan gowragy zähmet çekýär.

Şypahanada adamlaryň saglygyny berkitmekde häzirki zaman bejeriş usullary giňden ulanylýar. Şypahananyň çäginde bir müň üç ýüz elli metr çuňlukdan çykýan kükürtli — wodorodly suw şu ýerde ulanylýan esasy bejeriş serişdeleriniň biridir. Ýodbromly mineral suw wannalary deri, ýürek-damar ulgamlarynda ýüze çykýan sökellikleri bejermekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu ýerdäki bedenterbiýe we saglygy dikeldiş otagy hem döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olarda geçirilýän bejeriş usullaram adamlaryň saglygyny berkitmekde, beden taýdan taplanmagynda diýseň peýdaly çärelerdir.

Şypahanada elektrik bilen bejeriş, iňňe terapiýasy, owkalamak ýaly bejeriş usullary, Mollagara şypahanasynyň palçygy, ozokerit, parafin ýaly melhemler giňden ulanylýar. Munuň özi bu ýere gelýän raýatlaryň oňurga, bil, bogun agyry ýaly sökelliklerden gutulmagyna ýardam berýär.

Bize şypahanada bolanymyzda, dynç alyp, saglygyny berkidýän dürli ýaşdaky adamlar bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Olar şypahananyň baý iş tejribeli, hoş sözli, güler ýüzli lukmanlary Bäşim Jumadurdyýew, Nury Nurgeldiýew, şepagat uýalary Ogulaman Nurberdiýewa, Ogulsadap Garýagdyýewa, şepagat dogany Ýagşymyrat Orazgulyýew, naharhana işgärleri Maýsa Gurbanowa, Gülnabat Kerimowa, tämizleýjiler Enejan Kertikowa, Oguljahan Orazgylyjowa dagynyň raýatlara edýän medeniýetli hyzmatyndan hoşal bolýandygyny öwran-öwran nygtap bellediler. Çünki şypahanada ulanylýan bejeriş usullarynyň netijeliligem, bu ýerde dynç alşyň guralyşam, naharhana hyzmatydyr arassaçylyk kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilişem olaryň göwnünden turýar.

Başga makalalar
164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


1684a868de806b.jpg
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar

Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.


1684bd5fa7a04a.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1684a8f104424b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady

12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.


1684d16c67d5d7.jpg
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.