Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ylalaşdylar
18:22 08.08.2021 6493
6-njy awgustda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
— BMG-niň resminamalaryna esaslanyp, biz Merkezi Aziýada sebitiň içinde energiýa geçirijilere bolan islegleri kanagatlandyrmak bilen birlikde, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin oňaýly syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek ugrundaky ýol bilen barýarys diýip, türkmen Lideri nygtady.
Prezidentler söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport-import harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly pikirler alyşdylar. Özara haryt dolanyşygynyň we senagat hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasyny ýokarlandyrmak babatda ylalaşyklar gazanyldy.
Duşuşygyň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri, ol hem pandemiýa garşy göreşmekde sebitiň döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boldy. Prezidentler täze görnüşli ýokançlaryň gelip çykyşynyň tebigatyny öwrenmek, şeýle-de bejermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak babatda bilelikdäki barlaglary guramaga we höweslendirmäge ylalaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Soňra Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany gowşurmak dabarasy geçirildi. Geçirilen Konsultatiw duşuşykda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Prezidentleriniň kabul eden çözgüdine laýyklykda, Hormatly nyşan Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, halkara jemgyýetçiliginde sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki gyzyklanmalaryny we başlangyçlaryny ilerletmekde alyp barýan hyzmatlary üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona gowşuryldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly nyşany gowşurdy.
Şol gün Prezidentler Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisine we Merkezi Aziýanyň döwletleriniň milli tagamlarynyň Halkara festiwalyna baryp gördüler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.