Lebap welaýatynyň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek işi dowam edýär
10:02 10.08.2021 6635
Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň çäginde täze ilatly nokatlaryň sany barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, «mawy ýangyç» bilen üpjün edilýän ilatly nokatlary gazlaşdyrmak işi ýokary depginde alnyp barylýar.
«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň «Döwletlietraogaz» gaz hojalyk kärhanasynyň zähmetkeşleri bu ugurda iri möçberli işleri ýerine ýetirdiler.
Häzirki wagtda etrabyň çäklerinde 11,2 müň töweregi hususy hojalyklar tebigy gazdan peýdalanmak mümkinçiligine eýe boldular. Kärhananyň gazçylary gaz geçirijileriniň, gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlaryň ýokary ygtybarlylygyny üpjün edýärler. Ýakynda Hatap obasynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular, Obanyň çäginde uzynlygy 6 kilometr barabar bolan gaz geçiriji çekildi. Tebigy gaz ýene-de 20 hojalyga elýeterli boldy.
Şu günki gün kärhananyň işçileri esasan täze ýaşaýyş jaýlaryny gazlaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Gazçylaryň esasy güýçleri gaz geçiriji ulgamlaryň durnukly işlemeginde jemlenýär. Mundan başga-da, hünärmenler tebigy gazdan tygşytly hem-de howpsuz peýdalanmak barada ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirip durýarlar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.