Türkmenistan we Täjigistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär
07:41 06.08.2021 7112
Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri çarşenbe güni geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça demir ýol ulaglary, ýolagçylary we ýükleri daşamak hem-de üstaşyr geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde hökümetara ylalaşyklara gol çekdiler.
Giňeldilen düzümdäki türkmen-täjik gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmagynda 19 resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy hakynda Ylalaşyk bar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag we energetika ulgamlary hem, gürrüňsiz, häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Şu babatda bilelikdäki taslama — Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesi nusga alarlykdyr. Bu ýoluň ugry boýunça hem ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy gurulýar.
Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada ýetilmegine gönükdirilip bilner we şoňa gönükdirilmelidir, şol maksat bolsa, Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly hem-de döwrebap düzümi döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýerleşen iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişini amatly peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň iki ýurdy birleşdirip biljek Hazar deňzine çykalgasy boljak ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardygy bellenildi.
Içerki sebit ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri hem doly peýdalanylmaýar.
Bu ulgamda bilelikde birnäçe taslamalaryň amala aşyrylan mysallaryna garamazdan, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça alnyp barlan ulgamlaýyn işler barada aýtmak heniz ir. Bu taslamalar bilen ýakyndan meşgullanmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de logistikany ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek zerurdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýollary has doly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäklerini ulanmak arkaly Täjigistana hem-de Täjigistandan ýükleri ýerüsti ugratmak boýunça ýeňilleşdirmeleri girizmek baradaky meseläni jogapkär edaralara öwrenmegi tabşyrmagyň maksada laýykdygy barada hem aýtdy.
Mundan başga-da, täjirçilik bähbitlerini nazarda tutup, iki döwletiň arasynda göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmegiň mümkinçiliklerine hem garamak teklip edildi.
Prezident Emomali Rahmonyň pikirine görä, ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişi we ýakynlygy bu ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň tebigy ýagdaýlaryny talap edýär. Biz dostlukly Türkmenistanyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşalyşyny täzeden dikeltmäge hem-de onuň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýäris, diýip täjik Lideri belledi.
Biz iki döwletiň howa giňişligini we çäklerini peýdalanmak bilen, göni hem-de üstaşyr howa uçuşlaryny täzeden dikeltmek barada ylalaşyga gelendigimize şatdyrys.
Täjigistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, oba hojalyk kärhanalarynyň, şol sanda ekerançylyk we maldarçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldap çykyş etdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.