Aşgabatda ulag, nebitgaz we beýleki ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
15:42 03.08.2021 7553
Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ulag, ýangyç-energetika hem-de gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler.
Özbegistanyň Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygy bellenildi.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar ýakyn günlerde Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde agzalan toparyň başlyklarynyň mejlisini guramagy bellediler.
Türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek baradaky gyzyklanmany tassyklamak bilen, taraplar iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň möhümdigini bellediler. Iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Sardor Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygynyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Iki döwletiň arasynda ulag-üstaşyr gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, nebithimiýa pudagy bilen bir hatarda, energiýa we senagat hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ikitaraplaýyn mehanizmleriniň, şol sanda “Türkmenistan-Özbegistan” Işewürler geňeşiniň ähmiýeti nygtaldy.
Saparyň çäklerinde Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Gylyjow hem-de E.Orazgeldiýew bilen duşuşdy we söwda, dokma senagaty, şeýle-de oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Geçen hepdede Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa uniwersitetimiziň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy
Ýekşenbe güni, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.