Ýedi aýyň jemi jemlenildi
18:02 02.08.2021 17592
Geçen şenbe güni Balkan welaýatynda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp hasabat ýygnagy geçirildi. Hasabat ýygnagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan wagtynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat ýygnagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň, birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, meýilnamalar, hususan-da, tebigy gazyň, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, agtarmak we özleşdirmek, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig mal bilen ygtybarly üpjün etmek, nebiti gaýtadan işlemek, benziniň, dizel ýangyjynyň polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini ýokarlandyrmak, maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar hakynda durlup geçildi.
Hasabat ýygnagynyň dowamynda Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklaryň özleşdirilişini çaltlandyrmak, tebigy gazy eksport etmek boýunça görkezijiler, içerki we halkara taslamalary taýýarlamak bilen bagly meseleler we alnyp barylýan işler barada habar berildi, şeýle-de geçen ýylyň degişli döwri bilen bagly gazanylan netijeler aýdyldy we seljerme berildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geologiýa pudagyny, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, toplumyň düzümlerini döwrüň talabyna laýyk getirmek, pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä möçberinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, nebitgaz senagatynyň ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmek hakyndaky berýän tabşyryklarynyň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýandygyny belläp geçdi we bu babatda nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna görkezmeleri berdi.
Wise-premýer hasabat ýygnagyny jemlemek bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemekde geologiýa pudagynyň we nebitgaz senagatynyň ähli işgärlerine rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.