Türkmen-owgan geňeşmeleriniň barşynda iri energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
09:29 09.06.2021 7277
2021-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparynda bolup, iri energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça üstünlikli gepleşikleri geçirdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtyn habar berýär.
Saparyň birinji gününde, ýagny 5-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmaryň ýolbaşçylygyndaky türkmen we owgan wekiliýetleriniň giňişleýin geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetleriň düzümine – iki ýurduň ykdysady meseleler boýunça geňeşçileri, energetika we ulag ulgamlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan milli maliýe edaralarynyň we halkara holdingleriniň ýolbaşçylary girizildi.
Geňeşmeleriň birinji bölümi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanyldy. Hususan-da, TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy hem-de şu ýylyň ikinji ýarymynda «Hyrat strategiýasynyň» çäklerinde türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine çenli gaz geçirijiniň gurluşygyna badalga bermek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taslamanyň logistiki, tehniki we maliýe aýratynlyklary bilen birlikde täze tapgyrlarynyň durmuşa geçirilmeginiň iş ýüzündäki meselelerine hem seredilip geçildi.
Duşuşygyň çäklerinde eden çykyşynda Daşary işler ministri Raşid Meredow geosyýasy hem-de geoykdysady nukdaýnazardan TOPH taslamasynyň derwaýyslygyny belläp geçdi. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ýewraziýa yklymynda iň möhüm energetika taslamalarynyň biri bolup durýandygy hem nygtaldy.
Soňra Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi boýunça bölüm guraldy. Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Kerki (Тürkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň üstünlikli işe girizilendigi bellenilip geçildi. Häzirki wagtda bu geçiriji arkaly Türkmenistandan Mazari-Şerif şäherine elektrik energiýasy ugradylýar. Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini geljekde hem artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan enerketika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň çykyşlaryny diňlediler. Hususan-da, Türkmenistanyň energetika ministri Ç.Pürçekow tanyşdyryş bilen çykyş etdi.
Bu ugurda hyzmatdaşlygyň anyk netijeleri bardyr. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda «Kerki-Ymamnazar» şahasynyň üstünlikli ulanylyşa girizilendigi bellenilip geçildi. Şu ýylyň başynda hem Owganystan Yslam Respublikasynyň «Аkina-Аndhoý» beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol şahasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Häzirki wagtda taraplar «Turgundy-Hyrat» demir ýol böleginiň gurluşygynyň taslamasynyň netijeliligi dogrusynda gepleşikleri geçirýärler.
Geňeşmeleriň barşynda «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň hyzmatdaş-ýurtlar bilen bu geçelgäniň netijeliliginiň işjeňleşdirilmegi boýunça bilelikdäki gurallaryň döredilmegi we ilerledilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy tassyklanyldy.
Bu geňeşmeler suw serişdeleriniň dolandyrylyşy, senagat, gurluşyk we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ýaly ugurlar bilen birlikde türkmen-owgan özara hereketleriniň giň toplumy boýunça beýleki birnäçe meseleleriň ýüzbe-ýüz ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Geňeşmeleriň jemleri boýunça iki ýurduň daşary işler ministrleri geçirilen gepleşikleriň netijeliligi barada çykyş etdiler.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.