Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň RF bilen 2023-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasyny makullady

15:34 25.05.2021 5880

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2248/original-160acd27480638.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasyny makullady.

Bu taslamany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow geçen anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Üç ýyllyk möhlete niýetlenen bu resminamada özara söwdanyň haryt dolanyşygyny giňeltmegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlary gurşalyp alyndy.

Senagat, energetika, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, maliýe we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Türkmen Lideri bilelikdäki Hökümetara toparyň netijeli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm orny barada aýdyp, yzygiderli işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belledi.

Başga makalalar
161a5b40525c12.jpeg
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a479a09bad8.jpeg
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi

Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.


164b6323e05bb6.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16830208d7dc57.jpg
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.


166e3ec3b3f967.jpg
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.