Türkmenistanyň Prezidentine «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakyldy
15:34 25.05.2021 6966
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda — Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Karar kabul etdi.
Kararda bellenilişi ýaly, bu at «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimiziň Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelen milli binagärligini täze derejelere ýetirmekde, ak şäherimiz Aşgabady adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde dünýä tanatmakda, häzirki zaman şäher düzümini kemala getirmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny hem-de şahsy goşandyny we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm seneleri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli berildi».
Paýtagtymyzyň şanly ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyza Gutlag iberdi. «Häzirki döwürde biz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlaryny yzygiderli gurýarys. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilgäh zolaklaryny döretmäge, şaýollaryň we köçeleriň durkuny täzelemäge uly ähmiýet berýäris» diýlip ýüzlenmede bellenilýär.
«Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr» - diýip Prezident belleýär.
Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de üstünlikli dowam etdireris – diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Şu gün, şanly sene mynasybetli, türkmen paýtagtynyň köçelerine Hyundai ALL New super Aero City ýolagçy awtobuslarynyň täze 400 sanysy we Toyota Corolla taksileriniň täze 200 sanysy çykaryldy. Şu gün Aşgabatda şäher ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna jemgyýetçilik ulaglary mugt hyzmat eder.
Şu gün şeýle hem Çoganly ýaşaýyş toplumynda ýokary amatlyklary bolan 140 sany iki gatly kottej jaýlary açylar. Paýtagtymyzyň demirgazygynda şeýle hem «akylly» şäher «Aşgabat-sitiniň» düýbi tutular.
Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde meýilleşdirildi.
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi
Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar
"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.