Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlenildi

11:11 24.05.2021 6491

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2233/original-160ab437f71d92.gif

      Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Arkadagyň ak mermerli şäheri,  Gözelligiňe älem aşyk, Aşgabat!’’ atly paýtagtymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini açyp görkezýän we çeper beýan edýän iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgudyr hekaýalaryň döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

      “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda, sebitde gözelligiň taýsyz nusgalyk şäherine öwrülen Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ,,Türkmengaz”, ,,Türkmennebit’’ döwlet konsernleriniň ,,Türkmengeologiýa’’ DK-nyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň we ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň bilelikdäki guramaçylygynda yglan edilen bäsleşigiň jemleniş dabarasyna degişli toplumyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

        Dabaraly çäräniň barşynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ,,Jemgyýeti öwreniş ylymlary’’  kafedrasynyň müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň halk maslahatynyň agzasy Annagül Gurdowa, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň habarçysy Akgül Saparowa; 2-nji ýere ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Aşgabatgaz’’ müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Merjen Myradowa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ýörite işler boýunça baş hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa; 3-nji orna hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz umiwersitetiniň mugallymy Yslam Durdyýew, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň habarçysy Ýazgül Rahmanowa, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Döwletabatgazçykaryş’’ müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ibraýimguly Ilamanow dagy mynasyp boldy. Ýeňijilere Hormat hatlary we milli Liderimiziň adyndan Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gymmat baha sowgatlary gowşuryldy.

     Döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri Aşgabady dünýäniň iň owadan, nusgalyk şäherine öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler we işlemäge hemme şertleri döredýendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

        Dabaranyň dowamynda ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlary ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.  

     Baýramçylyk ruhunda diýseň şowhunly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabara, oňa gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň ähli mümkinçiliklerini halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri bilen jemlenildi.   

Başga makalalar
161a5b40525c12.jpeg
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a479a09bad8.jpeg
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi

Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.


164b6323e05bb6.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16830208d7dc57.jpg
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.


166e3ec3b3f967.jpg
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.