Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

12:11 17.05.2021 6398

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2202/original-160a2173c228c9.gif

Geçen şenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Toplumyň uly ýygnaklar zalynda guramaçylykly geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy — Döwlet ministri Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew we nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarany wise-premýer açyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkymyza, şonuň bilen bir hatarda nebitgaz pudagynyň işgärlerine ata Watanymyzyň ýüregi, türkmenistanlylaryň buýsanjy ak şäherimiz Aşgabat barada şeýle gözel kitaby peşgeş berendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, geljekde hem döredijilik dünýäsinde üstünlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi. Olardan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, uly mugallymy Sona Ylýasowa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Myrat Baýramgylyjow, «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni Güller Orazowa, Geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň işgärler bölüminiň esasy hünärmeni Aýtylla Dosowa dagy çykyş etdi. Çykyşlarda paýtagtymyzyň geçmişiniň we şu gününiň doly açylyp görkezilýändigi bellenildi. Aşgabat Gündogaryň ak merjenidir. Ak arzuwlaryň amala aşýan ajaýyp şäheridir. Häzirki zaman şäher gurluşygynyň nusgasyna öwrülen paýtagtymyzda gysga döwürde asyrlara barabar iri maksatnamalar durmuşa geçirildi. Aşgabat bu gün dünýäniň iň owadan, arassa, medeniýetiň, sungatyň, sportuň, ylym-bilimiň ösen şäherleriniň birine öwrüldi. Şäheriň täze desgalarynyň gurluşygy barha kämilleşdirilýär. Şunda adamlar üçin ýokary amatlyklar göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze «Aşgabat-sitiniň» döredilýändigini, günbatar böleginde bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasynyň ýerleşýändigini belläp geçdi. Şundan görnüşi ýaly, Aşgabadyň şu günem, geçmişem, geljegem şöhratlydyr.

Täze kitap bilen tanşan her bir okyjynyň kalbynda nurly, mähriban şäherimize söýginiň öňküden hem artjakdygy şübhesizdir. Söýgüden we mähirden bina bolýan Aşgabadyň ady hem aşyklyk bilen baglanyşyklydyr.

Çykyşlarda şeýle ajaýyp toý sowgady üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler kalplaryň töründen çykdy. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby sowgat berendigi üçin milli Liderimize nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.

Başga makalalar
161a5b40525c12.jpeg
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a479a09bad8.jpeg
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi

Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.


164b6323e05bb6.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16830208d7dc57.jpg
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.


166e3ec3b3f967.jpg
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.