Maýa goýum forumynyň birinji güni tamamlandy

14:31 14.05.2021 19926

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2187/original-1609bde49d8c82.jpeg

Çärşenbe güni, 12-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi.

Bazaryň uglewodorod toplumyndaky iri çäre “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi. Turkmen Forum, GaffneyCline, TAPI, TNGIZT çäräniň bilelikdäki guramaçylary boldular.

Forumyň işine SOCAR, CNPC, NaPeCo, Buried Hill, Dragon Oil, Petronas, ARETI, LG International ýaly öňdebaryjy milli we halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem maliýe institutlarynyň, şol sanda AÖB-niň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri, sebit möçberinde pudagyň geljegini çaklaýan bilermenler gatnaşýar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýygnananlara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okap berdi.

Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýt ministri M.Serdarowyň belleýşi ýaly, 2024-2025-nji ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgini, şol sanda maýa goýumlaryny oýlanyşykly peýdalanmagyň, täzeçil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalary gurmagyň hasabyna 8 göterimden gowrak bolar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky döwlet maksatnamasyna möhüm ähmiýet berilýär. Şol maksatnamada erkin ykdysady zolaklary döretmek hem-de şol zolaklara daşary ýurt maýalaryny çekmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle taslamalaryň hatarynda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy ýaly iri halkara ähmiýetli taslamalar bar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň bellemegine görä, uglewodorodlaryň köpugurly eksportyan aýratyn ähmiýet berilýär.

Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi sebitiň energetika kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Öz gezeginde, Azerbaýjan Respublikasynyň “SOСAR Trading S.A” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistana türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak üçin «Günorta gaz geçelgesiniň» mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny belledi.

«Dostluk» ýatagyny işläp taýýarlamakda  bilelikdäki iş hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr – diýip Abdullaýew belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara bähbitli häsiýetiniň ýüze çykmasy bolup durýar.

Dünýäniň energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş boýunça çaklamalary ara alyp maslahatlaşmaga, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana, Halkara energetika forumynyň baş sekretary Jozef Mak Monigl, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Kristina Weýgand, Beýik Britaniýanyň Premýer ministriniň Türkmenistandaky söwda wekili Nikolson Uinterbornskaýa we beýlekiler gatnaşdylar.

Forumyň işi “Bütindünýä energetika maksatnamasyny goldamakda halkara maliýe guramalarynyň wezipesi”, “Turba geçiriji taslamalar — pes uglerodly geljege tarap hereketlendiriji güýç”, “Hazar deňziniň ýalpak ýataklary: özleşdirmegiň tejribesi we täze maýa goýum mümkinçilikleri”, “Uglewodorodlary maliýeleşdirmekde maýa goýum taslamalary — geljege garaýyş” diýen mejlisler bilen dowam etdi.

Maýa goýum forumy 13-nji maýa çenli öz işini dowam edýär. Şol gün Türkmenistanyň ýangyç-energetika hem-de maliýe-ykdysady toplumlarynyň düzümindäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Başga makalalar
161a5b40525c12.jpeg
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a479a09bad8.jpeg
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi

Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.


164b6323e05bb6.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16830208d7dc57.jpg
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.


166e3ec3b3f967.jpg
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.