Ähmiýetli okuw sapaklary
14:36 02.05.2021 2814
(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi «Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýokary we orta mekdeplerde arhiw resminamalaryny peýdalanyp okuw sapaklaryny geçirýär. Ýakynda şeýle okuw sapaklaryň biri paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirildi. Oňa bilim işgärleri, alym-professorlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Okuwyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. «Aziýanyň merjen şäheri», «Aşgabadyň taryhy we şu güni», «Aşgabadyň taryhy bilen baglanyşykly resminamalar» atly temalar boýunça edilen çykyşlar täsirli boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyzy dünýäde iň ösen, döwrebap şäherleriň birine öwren Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Okuwyň dowamynda Aşgabat şäheri barada görkezilen dokumental filmler we taryhy suratlar oňa gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn kabul edildi. Aşgabadyň taryhy, geçmişi we şu güni bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň ýörite web sahypasy arkaly (https://archive.gov.tm) tanyşmak mümkin.
Döwlet ATAÝEW,
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Täze ýangyç guýuş beketleri halkyň hyzmatynda
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň buýurmasy esasynda täze gurlan awtoulaglara ýangyç guýuş beketleriniň ikisi ulanmaga berildi. Munuň özi sürüjiler üçin döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň şanly toýunyň belleniljek ýylynda ajaýyp toý sowgady boldy.
Bilelikde işlemek — üstünligiň kepili
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek, tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Ol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, il-ýurt bähbitli meselelerde ýokary netijeleri gazanmak üçin tagallalary birleşdirmek, maksada okgunly zähmet çekmek talap edilýär.
«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi
Ýurdumyzda giňden toýlanyljak goşa baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 60-njy ulanyş guýusy agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli ýerine ýetirilip, önümçilige girizildi.
Hem gymmatly, hem islegli baýlyk
Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar.
«Mawy ýangyç» eşret berýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bagtyýar raýatlarymyza döwletimiziň milli baýlyklaryndan, şol sanda tebigy gazdan gündelik hajatlarynda giňden peýdalanmaga ähli şertler döredilýär. Döwletimiz tarapyndan halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy barada edilýän tükeniksiz atalyk aladalar, öý-ojakda tebigy gazyň üpjünçiligi ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Mary welaýatynyň şäherleriniň, obalarynyň ýaşaýjylarynda-da çäksiz hoşallyk duýgusyny döredýär.