Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdy
15:26 28.04.2021 5397
27-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany türkmen Liderine kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de owgan halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganä gynanjy hem-de duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.
Bellenilişi ýaly, goňşy döwletler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ulgamlarda däp bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Bu giň gerimli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etmelidir.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de uzak möhletleýin esasda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Owganystan bilelikde birnäçe ykdysady taslamalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem Owganystana barýan demir ýoluň gurluşygyny durmuşa geçirýärler.
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi
Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar
"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.