Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat
11:40 28.04.2021 4358
(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň dabaralanýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Arkadagly Diýarymyz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda dur. Bu gün baş şäherimiziň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzyň töründe buýsandyryjy duýgulary oýarýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan şähergurluşyk we binagärlik işlerinde, Aşgabadyň ýaşaýyş üçin iň amatly şäher hökmünde dünýä tanalmagynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bimöçberdir.
Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasynyň tapawutlandyryjy aýratynlygy onuň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagydyr. Şäheriň medeni-dynç alyş merkezleriniň daş-töweregini gurşap alan ýaşyl ýaýlalar, birgeňsi owadanlygy bilen özüne çekýän yşyklandyryş sütünleri, älemgoşar öwüşginleri bilen şuglalanýan suw çüwdürimleri, ýanýodalarynyň ikiýan çeti täze baglar bilen bezelen şaýollaryň gözelligi ajaýyp duýgulary goşalandyrýar. Ähli ýollaryň çatryklarynda diýen ýaly sowma ýollaryň gurulmagy, ýanýodalaryň we ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalaryň binalarynyň döwrebap bezegi täze, owadan ymaratlar bilen ajaýyp sazlaşyk döredýär. Paýtagtyň taryhy ýubileýiniň öňüsyrasynda bu döredilen gözellikleriň ählisi aýratyn bezege, tanalmaz keşbe girmek bilen, diňe bir aşgabatlylary däl, eýsem, ähli halkymyzy begendirýär.
Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ady Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda ençeme gezek gaýtalanýar. Oguz han suw çüwdürimler toplumy göreniň ünsüni özüne çekýär. Toplumyň 26 sany suw çüwdüriminiň gulaga ýakymly sesi, ylla bir gulakdan düzülen orkestr bolup, süýji durmuşyň waspyny ýerine ýetirýän ýaly eşidilýär. Dünýäniň iň uly binagärlik ýyldyzy — Oguz hanyň sekizburçlygy «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynda lowurdap, gijeki Aşgabada bezeg berýär. Dünýäde iň beýik baýdak sütüni hem Aşgabatda ýerleşip, şäheriň islendik künjeginden görünýär. Elde dokalan, dünýäde iň uly halyny görmek isleýänler hem Aşgabada geläýmeli. Ol haly ululygy hem gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Haly gölüniň iň uly şekili-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň ýokarsynda ýerleşdirilendir. «Älem» medeni–dynç alyş merkezi çagalaryň iň bir söýgüli ýerleriniň biridir. Onuň ýapyk görnüşli syn ediş çarhy-da Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir.
Halkymyzda bedew ata biçak uly sarpa goýulýar. Şeýle bolansoň, bedew atyň dünýäde iň uly nyşanynyň hem Aşgabatda bolmagy kanunalaýykdyr. Bu nyşanyň paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň ýokarsyndan seredip durşy ýurdumyzyň ähli ulgamlarda, şol sanda sportda hem gazananlaryny oňlaýan hem ýeňişlere ruhlandyrýan ýaly bolup görünýär. Sport şäherçesi agzalanda ýapyk görnüşli iň arassa suwda ýüzülýän howzuň hem şu ýerde ýerleşýändigini aýtmaly. Paýtagtymyz bilen adybir stadionda welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň geçirilendigini, onuň hem rekordlar kitabynda hasaba alnandygyny buýsanç bilen ýatlamalydyrys. Aşgabadyň özi-de iň köp ak mermerli binalary bolan şäher hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir.
Maýa GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.
Ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Dürli derejeli işçi-hünärmenleriň bir ýüz otuza golaýynyň agzybirlik bilen işleýän zähmet köpçüliginde her bir işde halypa gazçylaryň göreldesine eýerilýändigini, ýaş hünärmenleriň öz hünär ussatlyklaryny artdyrmaklarynda baý iş tejribesine eýe bolan işgärleriň möhüm ornunyň bardygyny edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen gürrüň berýärler.
Suw arassalaýjylaryň hyzmaty
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Garybata» suw arassalaýjy desgasy hem kuwwatly kärhanalaryň biridir.
«Galkynyş» gaz känindäki guýudan senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 271-nji belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 665 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4518 — 4333 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi 105 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde tebigy gazyň ýokary basyşly, senagat ähmiýetli akymy alyndy.
Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary ýurdumyzyň sebitlerindäki gäz känleriniň ulanyş guýularynda burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Gazçylar döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygynyň giňden toýlanylýan günlerinde ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.
Türkmenistan we Eýran nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýärler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30 — 31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda geçiren gepleşikleriniň temalarynyň biri nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada boldy.