Aşgabat
14:12 27.04.2021 4660
(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Atýar süýji daňlar ak päle meňzäp,
Ganabilmän Gün eglenýär roýuňdan.
Kim bagtyny, kim arzuwyn idäp ýör,
Läle deý açylan gülleň çogundan.
Aý nurun düşeýär aýna ýoluňa,
Eçip bolluk bilen sahawatyny.
Ýa bu Aýyň uçmah öýdüp ýanyňa
Begenip gelşiniň alamatymy?!
Başga sende ýazlaň ýaza meňzeýşi,
Ömrüň ömre, toýlaň toýa ulaýşy.
Okap däl, alnyňda janlanýar bu gün,
«Ak guwlaryň», ertekileň döreýşi.
Neneň gözel saňa baglanan hyýal,
Gezmek gowy eziz adyň gaýtalap.
Buýsanyp, çar ýandan ýaňlanýar jümle:
«Gül Watanmyň ýüregi sen, Aşgabat!».
Sünnä sungat hem yhlasyň heýkeli,
Eýlenipdir mähre süňňi-süýegiň.
Görküň sözsüz beýany bor asyrlap,
«Ýagşyny görmegiň jennetdiginiň».
***
Eý, şäher,
ullakan gujagyň giň seň,
Seň goýnuňda
mesgen tutdy arzuwym.
Näçe umytlary
hasyl edipsiň,
Isleýän dek
hemmeleriň gowlugyn.
Saňa
ýerleşipdir ýaşlygyň döwri,
Gojalaryň
öwütlerne ýugrulyp.
Bilemok, näm
üçin soňky döwürler
Saňa juda
gidipdirin höwrügip.
Täsin sende
gijeleriň aýdymy,
Täsin, bagtyň
gülün paýlaýan çagyň.
Gujaklap-gujaklap
apalap ýörün,
Maňa rowa
gören günleriň baryn.
Baglarňa,
ýollarňa hemem düýnüňe
Ýerleşipdir
hakydalaň üşügi.
Sag bol, bu
gün hasyl edeniň üçin
Kän ýyllar
öňürti gören düýşümi.
Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
Çeleken — hazynalar mesgeni
Ylmyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige içgin ornaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda hem öz mynasyp çözgüdini tapýar. Geçen ýylyň başynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň garamagyndaky Gündogar Çeleken meýdançasynda gazylan 707-nji belgili baha beriji guýudan bol nebit akymynyň alynmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Maksatlary myrat tapýan gazçylar
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkezi — gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Munuň şeýledigine edaranyň agzybir zähmet köpçüliginiň şu ýylyň ilkinji 5 aýynyň jemleri boýunça gazanan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.
II. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy.
Täze meýdançalarda işler ýaýbaňlandyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň gidrogeologlary häzirki wagtda Mary welaýatynyň çägindäki Tärimli, Zähmet, Garabil, Şyhmansur, Seýrap, Çeşme, Şatlyk, Mekan meýdançalarynda, Lebap welaýatynyň çägindäki Tümenli, Daşrabat, Mukry, Jynlygum meýdançalarynda buraw işlerini alyp barýarlar. Ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde meýdançalarda ýerasty suwlaryň, şeýle hem mineral bejeriş suwlarynyň gözlegi, barlagy, goruny hasaplamak işleri hemmetaraplaýyn alnyp barylýar.
Ýazgül Ezizowa «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda
Nämüçindir her ýyl güýz paslynda, bary-ýogy 35 ýaşap, halkyň hakydasynda hemişelik orun tutan şygyrlary döreden türkmeniň paýhasly şahyr ogly Gurbannazar Ezizowdan söz açasyň gelip dur. Güýz säheri penjiräňi açanyňda şahyryň şygyrlarynda mekan tutan «ýaşyl şemal, näzik şemal» ýaňagyňy sypap geçýän ýaly.