Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin telefon arkaly döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy
15:25 28.04.2021 23285
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen wekiliýetini 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Dostlukly ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen guralýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň işjeň ilerledilýändigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, rus tarapynyň ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna ýokary baha berýändigi bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak duşuşygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam beýan edildi.
RF-niň Baştutany koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň daşary döwletleriň içinde ilkinjileriň biri bolup, Russiýada öndürilen wirusa garşy sanjymy hasaba alandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Astrahana iberen ynsanperwer ýüki üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Prezident Wladimir Putiniň Russiýada öndürilen sanjymlary satyn almakda beren şahsy goldawyny belläp, diňe bilelikdäki tagallalar arkaly pandemiýany ýeňip boljakdygyny aýtdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler öňümizdäki tomusda geçiriljek ikinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de güýzde geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň iki ýurduň arasyndaky we tutuş sebitdäki dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigi baradaky pikiri makulladylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň meselelerine geçmek bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanandyr.
Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gatnaşyklary has-da berkitmek işinde rus tarapynyň işjeň ornuny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň taryhy taýdan kemala gelen dostlugyň we hyzmatdaşlygyň oňat däpleri ýola goýlan Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany türkmen Lideriniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.