Russiýanyň alymlary gaz çykarylyşynyň galyndylaryndan benzin işläp taýýarladylar
10:55 27.04.2021 7037
Tomsk politehniki uniwersitetiniň (RF) hünärmenleri gaz çykarylyşynyň galyndylaryndan benzin öndürmegiň tehnologiýasy işläp düzdüler. Bu usul magdançylyk kärhanalaryna öz zerurlyklary üçin ýangyç öndürmäge, şeýle hem territoriýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Ýataklaryň aglabasynda suwuklygy ýokarlandyrmak we daşamagy ýeňilleşdirmek üçin durnukly gaz kondensatlary (SGK) nebit bilen garýarlar. Şeýle-de bolsa, ony seolit katalizatorynda ýokary oktanly benzinleriň düzüm böleklerine gaýtadan işlemek üçin ulanyp bolar.
Uzakdaky kärhanalara ýangyç ibermekligiň onuň bahasyna täsir edýändigi sebäpli, awtonomlyga geçmek mümkinçiligi möhümdir.
Tehnologiýanyň artykmaçlyklary ulanylýan katalizator, seolit bilen baglanyşyklydyr. Seolitler gymmat bahaly metallary öz içine almaýan we katalitik zäherlenmä çydamly arzan minerallardyr.
«Izwestiýa» neşiriniň bellemegine görä, seolitde gaýtadan işlemeklik SGK-nyň oktan sanyny ortaça 18 bal artdyrmaga, ýagny AI-80 benzini bir tehnologiki tapgyrda almaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, alymlar SGK gaýtadan işleýän önümlere esaslanýan AI-92, AI-95, AI-98 benzinlerini garyşdyrmak üçin formulalary teklip etdiler.
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi
Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar
"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.