OPEC+ 28-nji aprelde nebit çykarylyşyny dikeltmek hakynda çözgüt kabul edip biler
16:05 23.04.2021 8141
OPEC+ ýurtlary 28-nji aprelde geçiriljek nobatdaky duşuşygynda 2021-nji ýylyň maý-iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrmak boýunça öňki tassyklanan meýilnamasyny ykrar edip biler diýip, RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak habar berdi.
"Ýagdaýa ýene bir gezek gözegçilik etmek, häzirki ýagdaýa, çaklamalara baha bermek üçin aprel aýynyň ahyrynda duşuşmagy meýilleşdirdik. Geçen gezek bir aý öň duşuşanymyzda üç aýlap hereket meýilnamamyzy ara alyp maslahatlaşdyk. Şonuň üçin adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmasa, biziň wezipämiz bu meýilnamalary tassyklamak we täzelerini düzetmek bolar"-diýdi TASS Nowagyň sözlerini getirýär.
Nebitiň ählumumy bazary häzirki wagtda deňagramlaşdyryldy, emma ýetmezçilik artan ýagdaýynda OPEC+ nebitiň çykarylyşyny goşmaça artdyrmak hakynda çözgüt kabul edip biler.
«Eger-de ýetmezçilik bolsa, biz kararymyzy elmydama üýtgedip bileris — nebit çykarylyşyny artdyrarys. Häzir biz bazaryň deňagramlylygyny görýäris» - diýip ol aýtdy.
Wise-premýer häzirki wagta çenli OPEC+ ministrler duşuşygyny 28-nji aprelde geçirmezlik hakynda hiç hili resmi teklipleri almandygyny belledi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.