Dragon Oil — Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri

15:15 23.04.2021 25570

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2071/original-160816948cbc70.jpeg

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýigrimi gün galdy. Aşgabatda 12-13-nji maýda geçiriljek bu işewür duşuşyk öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde nebitgaz toplumynyň geljegini çaklaýan bilermenleri birleşdirer.

Forumy gurnaýjylaryň bellemegine görä, türkmen paýtagtynda iki gün dowam etjek duşuşykda çykyş etjekler dürli mowzuklary we işewür gyzyklanmalary, ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki ählumumy ýörelgeleri, Türkmenistanyň energiýa diplomatiýasynyň ileri tutýan ugurlaryny, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişindäki öňegidişlik, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz himiýa taslamalarynyň geljegi we başgalary öz içine alar.

Ýakynda geçiriljek çäräniň bürünç hemaýatkärleriniň arasynda Emirates National Oil Company  (ENOC) kompaniýasynyň golçur kompaniýasy bolan Dragon Oil kompaniýasy bar. “Dragon Oil” 1993-nji ýyldan bäri Önümçiligi paýlaşmak şertnamasy (ÖPŞ) boýunça Türkmenistanda işleýär. Kompaniýanyň esasy işi, Jeýtun we Jygalybeg nebit ýataklaryny özleşdirmek (Hazar deňziniň türkmen böleginiň Çeleken şertnamalaýyn çägi). “Dragon Oil” bu ýerde 2000-nji ýyldan bäri üstünlikli işleýär. Kompaniýa 7,5 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.

Taslamanyň çäginde Dragon Oil täze guýulary burawlady, önümçilik we deňizde durnukly ulanyş we stasionar platformalar gurdy, bar bolan guýulary düýpli abatlady, ulgamyň ähli baglanyşyklarynyň durkuny täzeledi.

2014-nji ýylda Jygalybeg ýatagynda kompaniýa deňizdäki stasionar platformanyň gurluşygyny tamamlady we täze guýulary burawlap başlady.

Häzirki wagta çenli kompaniýanyň işgärleriniň sany 2 müňden gowrak, olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň raýatlarydyr.

2025-nji ýyla çenli “Dragon Oil” önümçiligi giňeltmegi we nebit önümçiligini günde 100 müň barrele ýetirmegi meýilleşdirýär. Arap nebit-gaz kompaniýasynyň baş müdiri Ali Raşid Al-Jarwanyň sözlerine görä, nebit we gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça kärhana ähli ýerlerde umumy önümçiligi üç esse artdyrmagy maksat edinýär.

2005-nji ýyldan şu güne çenli 400-e golaý durmuş taslamasy ýerine ýetirildi. Olar bilim, sport we medeni ugurlary öz içine alýar.

2015-nji ýylda kompaniýa Tomsk politehniki uniwersitetinde dürli nebit we gaz ugurlary boýunça bilim almaga mümkinçilik berýän Hazar şäherindäki mekdepleriň uçurymlary üçin stipendiýa meýilnamasyny döretdi. Häzirki wagtda bu maksatnamanyň çäginde 44 talyp ol ýerde nebit-gaz biznesi, himiýa tehnologiýasy, tehnologiki prosesleri awtomatlaşdyrmak we önümçilik ýaly ugurlarda okaýar.

Başga makalalar
161a5b40525c12.jpeg
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a479a09bad8.jpeg
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi

Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.


164b6323e05bb6.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16830208d7dc57.jpg
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.


166e3ec3b3f967.jpg
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.