TNGIZT ýewro ülňüleri boýunça awiasion ýangyjyň önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar

10:30 22.04.2021 8271

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2062/original-160800305a01a3.jpeg

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Jet A-1 kysymly awiasion ýangyjynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň özi zawodynda öndürilýän ТС-1 awiaýangyjyň ýewropa nusgasydyr.

Jet A-1 Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Ol Airbus we Boeing uçarlaryny ulanmak boýunça halkara resminamalaryna we gözükdirmelerine goşulandyr.

Awiaýangyjyň bu görnüşi ýurdumyzyň raýat awiasiýasynda ulanylýan ТС-1 kysymdan tehnologik taýdan tapawutlanýar. Jet ýangyjy goşmaça gidro arassalaýyş geçýär, onuň düzüminde antistatiki we durnuklaşdyryjy prisadkalar bar. Ol ekologik taýdan howpsuz bolup, alawlama temperaturasy 10 gradus ýokarydyr.

Kärhanada bu täze önümiň önümçiligini ýola goýmaga kömek etjek kompaniýa bäsleşik esasynda saýlanyp alnar. Mundan öň, TNGIZT ТС-1 awiasion kerosinini we kysymyny öndürmek boýunça desganyň binýadynda Jet A-1 kysymly reaktiw hereketlendirijiler üçin ýangyç öndürmek boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.

TNGIZT-niň düzümine Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerinde ýerleşýän zawodlar girýär. 2021-nji ýylyň iki aýynda TNGIZT-de 34 müň 857 tonna awiasion ýangyç öndürildi.

Başga makalalar
16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.