Türkmenistanyň Prezidenti Türki geňeşiň döwletlerini energiýa howpsuzlygy, ulag we COVID-19-a garşy göreş ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy

11:57 02.04.2021 7170

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1955/original-1606571b89dce1.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türki dilli döwletleri energetika howpsuzlygy, ulag-kommunikasiýa ulgamyny şsdürmek we pandemiýa garşy göreşmek ulgamlarynda hyzmatdaşlyga çagyrdy. Türkmen Lideri Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly 31-nji martda geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatynda hormatly myhman hökmünde çykyş etdi.

Türkmenistan halkara guramalaryň çäklerinde, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde bütindünýä energiýa howpsuzlygy boýunça gepleşikleriň ýola goýulmagyny teklip etdi. Bu ugurda işlenip düzülen degişli Kararnamalar Guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan giň goldaw tapdy. Türkmen tarapy ählumumy energiýa howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýän ýurtlary bu işe işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini, şol sebäpli ýurdumyzyň nebitgaz serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barjakdygyny nygtap, munuň ähli ýurtlar, şol sanda türki dilli döwletler üçin hem örän peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudagynyň häzirki döwürde möhüm ähmiýetli ykdysady ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, türki dilli ýurtlaryň bu ugurlarda ýokary netije berýän bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan özüniň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de sebit we halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi üçin zerur işleri durmuşa geçirdi, şol çäreler halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Mundan ozal Türkmenistanyň başlangyjy we şu duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek barada üç sany Kararnama kabul etdi. Asylly maksatlara gönükdirilen bu halkara resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ählumumy ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça örän köp işler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri doganlyk türki dilli döwletleriň mundan beýläk-de halkara ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegi maksat edinýän bilelikdäki hereketlere işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ekologiýany we daşky gurşawy goramakdyr. Bu häzirki döwürde jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys soraglarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti barada aýdylanda, ilkinji nobatda, Aral deňziniň çylşyrymly ýagdaýy ünsi çekýär.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, täze görnüşli koronawirus pandemiýasy ähli ýurtlara uly howp bolup abanýandygyny, bu howply ýagdaýy ýeňip geçmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikde uly tagalla etmegi zerur bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda COVID-19 howpunyň öz çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirdi.

Şol bir wagtda, biziň ýurdumyz bu ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki we özara ylalaşykly çözgütleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürdi.

Başga makalalar
161a5b40525c12.jpeg
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a479a09bad8.jpeg
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi

Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.


164b6323e05bb6.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16830208d7dc57.jpg
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.


166e3ec3b3f967.jpg
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.