Nebitgaz toplumynyň işgärleri bag ekmek çäresine gatnaşdylar
15:12 26.03.2021 7165
20-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Milli bahar baýramy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda bag ekmek çäresi giň gerimde geçirildi.
Möhüm ekologiýa çäresi paýtagtymyzyň demirgazygynda badalga aldy. Türkmen Lideriniň yzysüre bag ekmek çäresine beýleki pudaklaryň, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Bag ekmek çäresine «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň işgärleri gatnaşdylar. Nebitgaz toplumynyň işgärleri ýüzlerçe bag nahallaryny oturtdylar, ýer böleklerinde arassalaýyş işlerini geçirdiler we dürli görnüşli nahallar üçin aralyklary böldüler.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň hatda iň çetki künjeklerinde hem onlarça müň gektara ýaýran ýaş baglyklaryň meýdanynyň giňeldilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.