Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
18:18 09.03.2021 7346
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany YHG agza ýurtlaryň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen şenbe güni geçiren duşuşygynda beýan etdi. Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy 5-6-njy martda ýurdumyza iş saparyny amala aşyrdy.
Döwlet Baştutany Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek hukugyny Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndan kabul edendigini aýdyp, bu hukugyň ýurdumyz üçin uly mertebedigini, bu işde Türkiýäniň toplan tejribesiniň bähbitli boljakdygyny we onuň üstünlikli dowam etdiriljekdigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmen Lideri Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykalgasy bolan “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Ýewropa çykalgany üpjün etjekdigine we sebitiň ýurtlaryna ägirt uly peýda getirjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we iri düzümleýin taslamalary, giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Türkmen Lideri 2020-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8 göterim ýokarlanandygyny we ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary barada aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasyna ynanylandygyny muňa mysal getirdi.
Mundan başga-da, şu ýyl türkmen paýtagtynda ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe sammitini geçirmek meýilleşdirilýär, onuň dowamynda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Pandemiýa ýokanjy zerarly bu çäräniň möhleti üýtgedildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bu duşuşygy islendik amatly wagtda guramaga taýýardygy bellenildi.
Şol gün Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglu wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türk tarapynyň sebit ykdysady goşulyşmasy üçin ulag-üstaşyr we energetika geçelgelerini giňeltmek boýunça işleri geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Lapis Lazuli geçelgesi üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysallarynyň biridir.
Taraplar şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryna, şeýle-de ynsanperwer ulgamda gatnaşyklara we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk, şol sanda ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerine garadylar.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.