«Türkmennebit» DK-nyň «Ekerem» BIM: önümçilik meýilnamasy 2,7 esse artyk ýerine ýetirildi
21:45 02.03.2021 7536
«Türkmennebit» DK-nyň «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawçylary hazarýaka ýataklarynda gözleg-buraw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar.
2021-nji ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça dag jynslaryndan 1919 metr çuňluk geçildi. Göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamasy 2,7 esse artyk ýerine ýetirildi.
Şu günlerde müdirligiň burawçylary Esenguly etrabyndaky guýularda degişli işleri ýokary depginlerde alyp barýarlar.
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi
Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar
"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.