Giňişleýin Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynda 2026-njy ýylyň alty aýynyň jemleri jemlenildi
14:22 11.07.2026 117
10-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi.
Benzin öndürmegiň meýilnamasy 116 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 118,5 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,6 göterim ýerine ýetirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, başga işe geçmegi sebäpli, G.Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Amanowy belledi hem-de ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
B.Amanow özüne bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany nebiti we tebigy gazy çykarmak, olary harytlyk derejesine getirmek, daşarky bazarlara ýerlemek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Serdar Berdimuhamedow topluma degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýärler
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ösdürilýän akademiki alyş-çalşygyň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary häzirki wagtda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde (HNU) okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz “Awazada” BMG-niň maslahatyna taýýarlygyň ileri tutulýan wezipelerini kesgitledi
13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan dynç alşa çykmaga rugsat berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç alşa çykmaga rugsat berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.