Geçen ýylyň jemlerine garaldy
19:17 16.02.2021 7760
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan belent wezipeleri hakynda durup geçdi.
Soňra hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» (NaPeCo) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Wise-premýer Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiz tarapyndan berlen tabşyryklara laýyklykda:
— «Türkmengaz» döwlet konsernine tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmegi, täze halkara bazarlara çykmagyň logistik mümkinçiliklerini öwrenmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy, täze gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny üpjün etmegi, ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmagy;
— «Türkmennebit» döwlet konsernine nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi;
— «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna nebitiň gorlaryny artdyrmak we täze nebitgaz ýataklaryny açmak babatda gözleg-barlag işlerine niýetlenen geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegi;
— Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegi, nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýup, olary halkara bazarlara çykarmagyň ýollaryny we ugurlaryny giňeltmegi, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmegi, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmagy, şonuň netijesinde bolsa şol önümleriň goşulan ýokary bahasyny artdyrmagy tabşyrdy.
Şeýle hem wise-premýer ylmy-barlag institutlarynyň gazananlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrylmalydygyna, bu ugurda öňdebaryjy tejribäniň we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlarynyň özleşdirilmelidigine, ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdygyna ünsi çekdi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksadynda her bir ýolbaşçynyň has-da tijenip işlemeginiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde toplumyň öňünde goýan wezipelerine amal etmekde önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.