Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýolbaşçylary wezipä belledi we ileri tutulýan ugurlary kesgitledi
11:11 15.02.2021 7320
11-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy.
Şol sanda döwlet Baştutany nebitgaz toplumynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we boşatmak bilen bagly meselelere seretdi we toplumda ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.
Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow Myratgeldi Meredowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Abdrahmanowy belläp, ony Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz B.Atamanowy Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer Ş.Abdrahmanowa birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň, özara bähbitli şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny aýtdy.
«Türkmennebit» döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyr, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmelidir.
Döwlet Baştutany «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmelidigini, täze halkara bazarlaryna çykmagyň logistiki mümkinçiliklerini öwrenmelidigini nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Täze gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny üpjün etmek, ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmak zerurdyr.
Wise-premýere ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde we gaznebithimiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünär derejeli işgärleri we ýaş hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmek hem tabşyryldy.
Milli Liderimiz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň nebitiň gorlaryny artdyrmak we täze nebitgaz ýataklaryny açmak babatda gözleg-barlag işlerine niýetlenen geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada aýdyp, hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegiň wajypdygyny belledi.
Nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýup, bu önümleri halkara bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny we ugurlaryny giňeltmek zerurdyr. Şeýle hem önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, şonuň netijesinde bolsa, şol önümleriň goşulan ýokary bahasyny artdyrmak möhümdir.
Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy - barlag institutlarynyň gazananlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyryp, şol edaralaryň bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmelidigini nygtady. Şeýle hem ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin, beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.