Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň ösüşi boýunça iş maslahatyny geçirdi
09:45 04.02.2021 9444
2-nji fewralda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler barada gürrüň edildi.
Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara tasamalary durmuşa geçirilýär diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.
Prezident häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberiniň ösüşini saklamak. pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.
Iş maslahatynyň dowamynda Döwlet ministri—“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G. Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M. Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D. Çişiýew hasabat bilen çykyş etdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Meredow nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara tejribesini ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudakda işleriň geçiriliş derejesine nägilelik bildirip, nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça çykarmagyň möçberiniň peselýändigini belläp, bu görkezijileri gowulandyrmak, nebitgaz guýularyny düýpli bejermek, durkuny täzelemek, olaryň iş depginini ýokarlandyrmak işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutany geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmak, nebitiň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň tassyklanylan ätiýaçlyklarynyň möçberini köpeltmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyna göni hem-de gytaklaýyn daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümlerini we nebitgazhimiýa önümlerini ýerlemek üçin täze eksport ugurlaryny özleşdirmek, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň taslama kuwwatlygynyň önüm paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde gazylyp çykarylýan çig nebitiň möçberiniň hasabyna ulanylmalydygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini gazyp çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça çykdajylaryň hem-de önümiň özüne düşýän nyrhynyň artýandygyny belläp, bu görkezijileri peseltmek ugrunda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi.
Türkmen Lideri nebitgaz pudagynda halkara tejribesine esaslanyp, degişli işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça bäsleşikleri geçirmäge niýetlenen elektron görnüşli bäsleşik meýdançasyny açmak boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýerden berk talap etdi.
Döwlet Baştutany önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda, hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň tebigy gazy çykarmagynyň möçberiniň peselmeginiň sebäplerini seljermegi we bu depgini kadaly ýagdaýda saklamak üçin dessin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iň döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hereket edýändigine, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamagyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, bu pudakda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini hem-de olary taýýarlamagyň derejesiniň pesdigini belläp, munuň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyna ünsi çekdi.
Prezident wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa, şeýle hem “Türkmennebit” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümlerini we nebitgazhimiýa önümlerini ýerlemek üçin täze eksport ugurlaryny özleşdirmek, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň taslama kuwwatlygynyň önüm paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde gazylyp çykarylýan çig nebitiň möçberiniň hasabyna ulanylmalydygyny belledi.
Nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çeşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipleriň taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.