Doha şäherinde hökümetara toparyň mejlisinde Türkmenistanyň we Kataryň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

10:39 29.11.2025 3793

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15734/original-169293242da355.jpg

26-27-nji noýabrda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň hem-de Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň daşary söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al Saýediň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Çäräniň resmi bölegi başlamazdan öň, iki ministriň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň dürli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.

Taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ozal gazanylan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.

Mejlisiniň jemleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Başga makalalar
1650abf2fbbb3b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.


1650abf888bb06.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


1650a9a7e033b4.jpg
Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri: koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ymtylýarlar

Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygynda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasy habar berdi.


1650aef200ec85.jpg
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky çykyşy

Sizi doganlyk Täjigistanyň topragynda, ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinde mübäreklemäge şatdyryn. Şu gün men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandym.