Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

09:50 20.09.2023 4088

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8661/original-1650abf888bb06.jpg

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär. 

2015-nji ýylda döredilen pursadyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “ABŞ-Merkezi Aziýa ýurtlary” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary we  ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk boýunça iş toparlaryň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi.

2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1”-iň Sekretariaty döredildi.

Häzirki wagtda “C5+1” Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etdirýär.

Başga makalalar
1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.