«Arkadagyň «Açyk gapylar» syýasaty rowaçlanýar»

20:59 02.02.2021 9787

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1568/original-1601976d0889ae.jpeg

Şeýle at bilen  «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň Tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň we Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat juda işjeň häsiýete we ýokary ruhubelentlige eýe boldy.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegine bagyşlanan bu dabaraly maslahatda konserniň önümçilik düzümlerinde dürli kärde zähmet çekýän nebitçilerdir gazçylar çykyş etdiler. Olardan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi Şyhyýewa, «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Kadyrberdi Baýryýew, «Nebitgazçykaryş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Tuwakgylyç Geldiýew, «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Azat Niýazmeňliýew we beýlekiler  öz çykyşlarynda
Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagyny dünýä nusgalyk derejede ösdürmekde edýän taýsyz tagallalarynyň, çäksiz hemaýat-goldawlarynyň bu gün öz oňyn netijelerini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar.

Dabaraly maslahatda aýratyn nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde giň goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Gürrüňi edilýän Ähtnama gol çekilmegi hem türkmen we azerbaýjan nebitçileriniň nebitgaz pudagyndaky başarnyklaryny bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezer. Bu taryhy waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň hem ruhuna doly laýyk gelýär.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýarlygyny has-da arşa götermekde alyp barýan beýik işlerinde baky rowaçlyk arzuw etdiler.

Başga makalalar
16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.