Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
09:57 08.11.2025 3655
Şu gün Türkmenistandan goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi bilen kerwen ugrady. Dört sany ýük awtoulagy serhetýaka Kerki şäheriniň ugruna ýola düşdi, şol ýerden hem ýük owgan halkyna gowşurylar.
Ýakynda bolup geçen ýertitremesinden ejir çekenler üçin niýetlenen kömegiň düzümine ilkinji zerurlyk harytlary: derman we lukmançylyk serişdeleri, tekstil we azyk önümleri girýär.
Ynsanperwerlik çäresi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyrygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guraldy.
Kömek, ýurt üçin kyn döwürde doganlyk halka, ilkinji nobatda çagalara goldaw bermäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Azerbaýjan ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekligi ylalaşdylar
28-nji iýulda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň jemleri boýunça gol çekilen Teswirnamada söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.