Türkmenistan we Azerbaýjan ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekligi ylalaşdylar
07:20 31.07.2025 4515
28-nji iýulda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň jemleri boýunça gol çekilen Teswirnamada söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar energetika we nebit-gaz pudagynda, himiýa, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlarynda, oba-hojalygy we azyk senagatynda, daşky gurşawy goramakda, şeýle hem, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçiliklerini bellediler.
Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň giň geriminiň bardygyny belläp geçdiler.
Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şeýle hem, mejlisde iki döwletiň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalaryň ösüşiniň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilýän söwda ähmiýetli çärelere, sergilere we forumlara gatnaşmagyny öz içine almak bilen iki döwletiň hususy pudagynyň wekilleriniň işini giňeltmegiň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar hökümetara toparynyň indiki 9-njy mejisini Aşgabat şäherinde geçirmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.