CIET 2025: Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod Türkmenistanyň senagatyny berkidýär
14:23 04.11.2025 5363
CIET 2025 halkara maslahatynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiliýetiniň direktory Tomohiro Takaşina kompaniýanyň Türkmenistan bilen 20 ýyllyk hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol, hususan-da, tebigy gazdan benzin öndürýän GTG-1 zawodyny ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň hem-de ekologiýa innowasiýalarynyň nyşany hökmünde aýratyn belledi.
Bellenilişi ýaly, «Kawasaki» kompaniýasy Türkmenistanda 20 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar we şu döwür içinde üç iri taslamany durmuşa geçirdi: Kelete sement zawody, Marydaky dökün zawody we tebigy gazdan benzin öndürýän GTG-1 zawody.
Aşgabat şäherine golaý ýerleşýän GTG-1 zawody «Kawasaki–Rönesans» konsorsiumy tarapyndan, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) maliýeleşdirmesi esasynda guruldy. Gurluşyk 2015-nji ýylyň maý aýyndan 2019-njy ýylyň iýunyna çenli dowam etdi.
Zawodyň önümçilik prosesi «Kawasaki» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýar. Öndürilýän benzin «Euro-5» hil standartlaryna doly laýyk gelýär. Zawod her gün 1800 tonna benzin we goşmaça önüm hökmünde 350 tonna suwuklandyrylan uglewodorod gazy (SUG) öndürýär. Bu gaz zawodyň energetik zerurlyklary üçin ulanylýar we zerur halatynda eksport edilýär.
Ekologiýa meseleleri ilkinji orunda durýar: GTG-1 benzini doly sintetiki bolup, agyr metallar, kükürt we zyýanly goşundylar saklamaýar. Çykdajylaryň aýlanyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi CO₂ zyňyndylaryny iň pes derejä düşürýär. Takaşina çykyşynda GTG-1 zawodynyň Türkmenistanyň «ýaşyl» tehnologiýalary we energetiki innowasiýalar babatynda abraýyny has-da ýokarlandyrandygyny belläp geçdi.
Işewüriň belleýşi ýaly, 2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa eden resmi saparynyň dowamynda GTG-2 zawody boýunça Çarçuwaly şertnama gol çekildi. «Kawasaki» kompaniýasynyň uly tejribesine daýanyp, türkmen we ýapon taraplary täze zawody hem «Rönesans» we «Itochu Corporation» gatnaşmagynda şol bir konsorsium tarapyndan gurmaga taýýardyklaryny aýtdylar.
Tomohiro Takaşina belleýşi ýaly, GTG-1 gazhimiýa zawody Türkmenistanda tehnologik ösüşiň taryhyny, serişdeleriň durnukly gymmada öwrülmeginiň nusgasyny we ýaşyl tehnologiýalaryň ösdürilmegini görkezýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Merkezi Aziýada gazhimiýa pudagynyň lideri hökmünde abraýyny pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Azerbaýjan ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekligi ylalaşdylar
28-nji iýulda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň jemleri boýunça gol çekilen Teswirnamada söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.